Lebap welaýatynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Gahryman Arkadagyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde öňde goýan wezipelerini, hususan-da, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet goldawyny bermek, raýatlardan gelip gowşan tekliplere, beýleki ýüztutmalara garamak boýunça işleri ýerine ýetirmek meselelerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde iş alyp baryp, döwrüň öňde goýýan wezipelerine öz wagtynda seslenmegi, teklipleri işläp taýýarlamagy bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!