| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 10.07.2026, 19:05 54

Gyzylarbat etrabynda ýaşaýyş jaýlary gurlar

Gyzylarbat etrabynda ýaşaýyş jaýlary gurlar

Gyzylarbat etrap häkimligi Gyzylarbat etrabynyň Gyzylarbat şäheriniň Demirgazyk-Gündogar kiçi etrabynyň 8-nji we 9-njy ýaşaýyş jaý toplumlarynda raýatlar üçin bank karzlarynyň hasabyna 1 gatly, 4 otagly we 1 gatly, 5 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna potratçy seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Teklipler şu ýylyň 14-nji iýulyna çenli sagat 9:00-dan 18:00-a aralygynda kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza, edara-kärhana tarapyndan soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat, edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat, hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama talap edilýär. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
(+993246) 5-03-06
(+993246) 5-43-03
(+993246) 5-10-24

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!