| Ashgabat | 28°C
Medeniýet 25.07.2026, 17:34 25

Türkmenistanda awgust aýynda medeni çäreleriň ençemesi geçiriler

Türkmenistanda awgust aýynda medeni çäreleriň ençemesi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň we wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny, çeper okaýyşlary hem-de milli oýunlar boýunça bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurdumiziň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny” atly meýdan şertlerindäki okuw maslahatlaryny, “Köpetdag” döwlet tebigy goraghanasynda bolsa “Köpetdagyň tebigy gözellikleri” atly maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny, şeýle hem “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere awgust aýyndaky çärelere gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!