Abu Yshak Ybraýym ibn Edhemiň golýazmalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
Milli mirasymyzy giň dünýä tanatmak ugrunda ýene-de bir uly ädim ädildi. Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Abu Yshak Ybraýym ibn Edhemiň ömri we döredijiligi baradaky arhiw çeşmeleri» atly möhüm arhiw materiallary ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebit sanawyna resmi taýdan girizildi.
Bu taryhy waka 2026-njy ýylyň 2–6-njy noýabry aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebit komitetiniň (MOWCAP) 11-nji umumy ýygnagynda we halkara seminarynda yglan edildi.
Indoneziýanyň Milli arhiwiniň (ANRI), Koreýa Respublikasynyň hem-de Indoneziýanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparlarynyň we Koreýanyň Miras gullugynyň bilelikde guramagynda geçirilen çäräniň açylyş dabarasynda Indoneziýanyň medeniýet ministri Fadli Zon we MOWCAP-yň ýolbaşçysy Kwibe Kim gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Bu abraýly forumda ýurdumyza ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri wekilçilik etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!