Türkmen filmleri Stambulda geçirilýän VI halkara kinofestiwalyna gatnaşýar
3–7-nji noýabr aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde türki dünýäsiniň medeni durmuşynda möhüm waka bolan VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwaly geçirilýär. Bu halkara çärä Türkmenistandan hem giň wekilçilikli topar gatnaşýar.
Festiwala Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döreden üç sany filmi hödürlendi. Olaryň hatarynda taryhy-çeper ugurly «Gürgenjiň gözeli — Törebeg», ruhubelentlik ýörelgelerini wasp edýän «Ýeňişli ädimler», şeýle hem milli mirasymyzy açyp görkezýän «Küştdepdi» filmleri bar.
Türkmenistanyň wekiliýetine Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew ýolbaşçylyk edýär. Wekiliýetiň düzüminde «Türkmenfilm» birleşiginiň tejribeli režissýorlary, zehinli aktýorlary we dürli ugurlarda işleýän medeniýet işgärleri hem bar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!