Türkmenistanyň wekiliýeti «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşýar
Türkiýäniň Stambul şäherinde Türki dünýäsiniň VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy. Türki halklarynyň baý medeni mirasyny, milli kino sungatynyň gazananlaryny we häzirki zaman kinematografiýasynyň ösüşini şöhlelendirýän bu abraýly halkara medeni çärä Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar.
Bu halkara kinofestiwala Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Wekiliýetiň düzüminde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinorežissýorlary, aktýorlary we aktrisalary, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri bar.
Türki dünýäsiniň kino ussatlaryny bir ýere jemleýän festiwalda türkmen kinematografiýasy «Gürgenç gözeli Törebeg», «Ýeňişli ädimler» hem-de «Küştdepdi» atly filmler bilen wekilçilik edýär.
3–7-nji noýabr aralygynda geçiriljek festiwalyň çäklerinde türki dünýäniň dürli ýurtlaryndan 56 film kino söýüjilere hödürlener. Doly metražly çeper filmler, dokumental filmler we gysga metražly filmler ugurlary boýunça jemi 30 film baýrakly orunlar ugrunda bäsleşer.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!