| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 18.07.2026, 12:43 39

Aşgabatda Eýranyň ruhy Lideri ýatlanyldy

Aşgabatda Eýranyň ruhy Lideri ýatlanyldy

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideri aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanyp ýatlama çäresi geçirildi Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, ilçihananyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň pars dili okuwlarynyň mugallymlary we diňleýjileri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda pars dili okuwlarynyň mugallymlary we diňleýjileri tarapyndan Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanan makalalar we goşgular okaldy.

Şeýle-de, onuň ömri we alyp baran işleri barada wideomateriallar görkezildi, Gurhanyň aýatlary okaldy we doga-dilegler edildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!