Aral deňzine 1,2 milliard kub metr suw goýberler
Gazagystan suw howdanyny gorap saklamak boýunça maksatnamanyň çäklerinde şu ýylyň ahyryna çenli Demirgazyk Aral deňzine ýene 1,2 milliard kub metr suw goýbermegi meýilleşdirýär.
Geçen ýylyň 1-nji oktýabryndan şu güne çenli Syrderýa arkaly Demirgazyk Aral deňzine 1,4 milliard kub metr suw goýberildi.
Häzirki suwaryş möwsüminde bolsa Demirgazyk Aral deňzine sekuntda 40 kub metr suw akdyrylýar.
Häzirki wagtda deňizdäki suwuň möçberi 23,5 milliard kub metre barabardyr. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Demirgazyk Aral deňzindäki suwuň duzlulygy ortaça 10 göterim peseldi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!