Köp gezeklik Şengen wizalarynyň berilmeginiň şertleri kämilleşdiriler
Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Migrasiýa we içerki işler boýunça baş müdirliginiň baş direktorynyň orunbasary Ýohannes Luhner bilen migrasiýa, hereketlilik we wiza syýasaty boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Ýewropa Komissiýasynyň Migrasiýa we içerki işler boýunça baş müdirligi hem-de ÝB-niň agza döwletleriniň ygtyýarly edaralarynyň arasynda göni iş gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Şeýle hyzmatdaşlygyň maglumat alyşmagy tizleşdirmäge, resminamalar we konsullyk meselelerini netijeli çözmäge, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan ýa-da syýahat edýän türkmen raýatlarynyň bähbitlerini has netijeli goramaga ýardam berjekdigi bellenildi.
Taraplar özara syýahatlary ýeňilleşdirmek bilen bagly mümkinçiliklere hem garadylar.
Hususan-da, Türkmenistanyň Benilýuks ýurtlary bilen diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza düzgünini ýeňilleşdirmek boýunça geçirýän geňeşmeleri, köp gezeklik Şengen wizalarynyň berilmeginiň şertlerini kämilleşdirmek hem-de konsullyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!