| Ashgabat | 28°C
Saglyk 25.07.2026, 17:29 28

Türkmen lukmanlary böwrek transplantasiýasyny üstünlikli geçirýärler

Türkmen lukmanlary böwrek transplantasiýasyny üstünlikli geçirýärler

Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň lukmanlary tarapyndan böwrek transplantasiýasy geçirilen 13 näsag işjeň durmuşyny dowam etdirýär.

Hassahananyň lukmanlary tarapyndan ilkinji gezek başga-da birnäçe çylşyrymly operasiýa üstünlikli amala aşyryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy boýunça operasiýalary geçirmäge doly mümkinçilikler döredildi.

Bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, milli hünärmenlerimiz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalarynda yzygiderli hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýärler. Olar böwrek transplantasiýasynyň usullaryny öwrenip, degişli amaly endikleri ele alýarlar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!