| Ashgabat | 28°C
Sport 23.07.2026, 11:27 28

Türkmen tennisçileri Şri-Lankada geçirilýän ýaryşda çykyş edýärler

Türkmen tennisçileri Şri-Lankada geçirilýän ýaryşda çykyş edýärler

Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndy topary Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde badalga alýan Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň saýlama ýaryşyna başlaýar.

Ýaryşa iki toparça bölünen 7 ýygyndy gatnaşýar.

Türkmenistanyň ýygyndysy «B» toparçada Yragyň, Gyrgyzystanyň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş eder.

«A» toparçada bolsa Kataryň, Demirgazyk Marian adalarynyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary bäsleşer.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!