Türkmen türgenleri Aziýa çempionatynda uly üstünlik gazandylar!
2026-njy ýylyň 27-nji iýuny - 5-nji iýuly aralygynda Taýland Patyşalygynyň Pattaýa şäherinde geçirilen 15 we 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky erkin we grek-rim göreşleri boýunça Aziýa çempionatynda zehinli türkmen pälwanlary ýokary netijeleri gazandylar! 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 92 kilogram agramda göreşen Döwletgeldi Myradow erkin göreşden altyn medal gazandy. Şeýle-de, 86 kilogram derejesinde bäsleşen Alp Arslan Begenjow erkin göreşden, 130 kilogramda tutluşan Arslan Agadadaýew bolsa grek-rim göreşinden kümüş medal gazandylar. 15 ýaşa çenli ýaşlardan bolsa 38 kilogram agram derejesinde göreşen Ybraýym Durdyýew erkin göreşden kümüş medal, 68 kilogram agramda bäsleşen Mämmet Kuliýew grek-rim göreşinden bürünç medal gazandy. Watanymyzyň halkara sport abraýyny has-da belende galdyran pälwanlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys we geljekde-de olara uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!