| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 22.07.2026, 11:29 34

Türkmen wekilleri Hytaýda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmen wekilleri Hytaýda geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin, Fusin we Fuçžou şäherlerinde geçirilen Bütindünýä Söwda Guramasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi tarapyndan guralan okuw maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy ugrundaky wezipeleri durmuşa geçirmekden, halkara söwda ulgamynda tejribe alyşmakdan hem-de ýurduň degişli edaralarynyň hünärmenleriniň hünär derejesini we habarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Okuw maslahaty Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde ýerleşýän Halkara işewürlik we ykdysadyýet uniwersitetinde guraldy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Hytaý Halk Respublikasynyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmakda we guramanyň düzüminde öz milli bähbitlerini goramakda toplan tejribeleri, erkin ykdysady zolaklary dolandyrmagyň döwrebap usullary bilen tanyşdyryldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!