Türkmenistanly agyr atletikaçy ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medal gazandy
Türkmen agyr atletikaçysy Ogulşat Amanowa Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Türgen 53 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, silterläp götermekde 86 kg, itekläp götermekde 105 kg netije görkezdi. Netijede ol 191 kg netije bilen çempion boldy. Şol bir agram derejesinde ileşimiz Şabnam Kerimbaýewa silterläp götermekde 83 kg, itekläp götermekde bolsa 105 kg netije görkezdi. Jemi 188 kg bilen ýaryşda bürünç medal gazandy. Şeýle-de ol itekläp götermek boýunça kiçi kümüş medala eýe boldy. Biz hem Watandaşlarymyzy gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we olara geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!