| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 18.07.2026, 17:53 38

Türkmenbaşy we Batumi doganlaşan şäherler bolup biler

Türkmenbaşy we Batumi doganlaşan şäherler bolup biler

Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Gruziýanyň şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmagy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, üç ýyl mundan ozal Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilendigine ünsi çekdi we deňizýaka Türkmenbaşy hem-de Batumi şäherleriniň arasynda-da şeýle gatnaşyklary ýola goýmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!