Indi Beýik Britaniýanyň ýetginjekleri üçin sosial ulgamlar çäklendiriler
Beýik Britaniýada 16 we 17 ýaşly ýetginjekleriň sosial ulgamlary ulanmagyna gije sagat 00:00-dan başlap çäklendirme giriziljekdigi habar berildi.
Mundan başga-da, ulanyjylary platformalarda has köp wagt geçirmäge höweslendirýän aýratynlyklar başlangyç ýagdaýda öçüriler.
Aprel aýynda Hökümet 16 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny gadagan etmek baradaky meýilnamalaryny yglan edipdi.
Indi çäklendirmeler uly ýaşly ýetginjeklere hem giňeldilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!