“Gülüň owadan” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlary geçirildi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geneşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyn işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden “Gülüň owadan” atly bäsleşigiň welaýat tapgyrlary geçirildi.
Bäsleşigiň talabyna laýyklykda oňa gatnaşan zenanlar ajaýyp döwrümiziň gözel tebigatyny suratlandyrýan täze nagyşly, türkmen milli keçelerini taýýarlamak işleriniň ýagny, ýüň saýmak, saýlamak, boýamak, daramak, keçe gamşyny dokamak, keçe güllemek we basmak ýaly ýerine ýetirilýän pursatlaryny görkezmek we olary çeper dilde wasp etmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler.
Şeýle hem türkmen keçesiniňŞeýle hem türkmen keçesiniň gülleriniň aýratynlygy hem-de keçe önümleri bilen başganyşykly taryhy maglumatlary,gyzykly rowaýatlary gürrüň bermek arkaly gazallary, aýdyşyklary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuruldy. Ýeňiji bolan zenanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!