| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 13.07.2026, 12:32 45

Çalt zarýad berilmegi smartfonlaryň ömrüni gysgaldýarmy?

Çalt zarýad berilmegi smartfonlaryň ömrüni gysgaldýarmy?

Alymlar çalt zarýad berilmeginiň smartfonlaryň we noutbuklaryň batareýasynyň zaýalanmagyna sebäp bolýandygyny düşündirdiler.

Çalt zarýad beriş tehnologiýalary smartfonlardaky, noutbuklardaky akkumulýatorlaryň könelmegini çaltlaşdyryp biler. Häzirki zaman enjamlaryna çalt zarýad berilmeginden gelýän zyýanyň öwezini dolmak üçin akkumulýatorlaryň üýtgedilen gurluşy ornaşdyrylýar.

Tehnologiýalaryň ösmegine garamazdan, hünärmenler akkumulýatorlaryň möhletini uzaltmak üçin birnäçe kadalary berjaý etmegi maslahat berýärler. Enjamlary takmynan 20–25 gradus Selsiý temperaturada ulanmak we zarýad derejesini 20% bilen 80% aralygynda saklamak iň amatlysy hasaplanýar.

Alymlar şeýle hem noutbuklary yzygiderli tok toruna birikdirilen görnüşde galdyrmazlygy maslahat berýärler, sebäbi batareýanyň uzak wagtlap doly zarýadly ýagdaýda durmagy onuň könelmegini çaltlaşdyryp biler.

Bu barada “Gazeta.ru” internet saýty habar berýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!