Bir gezekde näçe mukdarda garpyz iýip bolýar?
Garpyzyň 90 göteriminiň suwdan ybarat bolany üçin, köpümiz ony çäksiz iýip bolýandyr öýdýäris. Emma lukmanlaryň sözlerine görä, onuň düzüminde çalt siňýän şekerler we uglewodlar az däl.
Sagdyn adam üçin bir gezekde iýilmeli garpyzyň kadaly mukdary 300–500 gram. Bu bolsa takmynan ýarym kilo töweregi bolýar.
Emma, gysga wagtyň içinde aşa köp garpyz iýmek aşgazanda agram döredip, garnyň çişmegine sebäp bolýar.
Lukmanlar böwrek keselleri, ýürek ýetmezçiligi we ýürek-damar keselleri bolanlara garpyzy çäklendirmegi maslahat berýärler.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!