| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 15.07.2026, 14:05 33

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Bakuda geçirilen «Turkic International Mathematical Olympiad – TIMO 2026» halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, bir bürünç medala we üç Honorable Mention (Hormat haty) baýragyna mynasyp boldular.

Bürünç medaly A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýhan Orazdurdyýew gazandy.

Honorable Mention baýragyna Aşgabat şäherinden Alymuhammet Orazow, Mary şäherinden Aýjeren Muhammetnazarowa we Gülşat Muhammetnazarowa mynasyp boldular.

Olimpiada Albaniýadan, Azerbaýjandan, Bolgariýadan, Filippinlerden, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Kosowodan, Özbegistandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan gelen mekdep okuwçylaryny bir ýere jemledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!