| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 29.07.2026, 12:38 17

«Sarahs awtoýollary» gümrük nokadynyň döwrebaplaşdyrma işleri tamamlandy

«Sarahs awtoýollary» gümrük nokadynyň döwrebaplaşdyrma işleri tamamlandy

Häzirki wagtda ýurdumyzyň serhet geçelgeleri tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, olaryň ulag geçirijilik kuwwaty ýokarlandyrylýar.

Ýakynda türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Sarahs awtoýollary» gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işleri tamamlandy.

Gurluşyk işleriniň barşynda, gümrük nokadyň çäklerindäki binalarda we desgalarda abatlaýyş işleri geçirilip, ulag geçirijiligini çaltlandyrmaga ýardam berýän şertler döredildi.

Şeýle-de, gümrük nokadyň çäklerinde ulaglaryň we harytlaryň hereketlerine gözegçilik etmek hem-de hasaba almak boýunça sanly dolandyryş ulgamy işe girizildi.

Şu ýylyň dowamynda «Garabogaz» we «Artyk» gümrük nokatlarynyň durky täzelenip, işe girizilendigini aýratyn bellemek gerek.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň internet saýty habar berýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!