Ýurdumzyň Waşingtondaky ilçihanasy Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirdi
Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çäreleriniň tapgyryny gurady.
Çäräniň çäklerinde “Türkmenistan bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlygy: Garaşsyzlygy, dostlugy we umumy geljegi dabaralandyrmak” atly tegelek stol maslahaty esasy orun eýeledi.
Maslahata Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň orunbasary Mark Kemeron hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi Mettýu Klimou gatnaşdy.
Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini belläp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!