| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 27.07.2026, 23:58 19

Apple-dan ilkinji suwdan goragly iPad

Apple-dan ilkinji suwdan goragly iPad

Apple kompaniýasy şu ýylyň güýzünde taryhynda ilkinji gezek suwdan goragly planşetini çykarmagy meýilleşdirýär.

Bu ykjam planşet OLED-ekrana eýe bolar. Täze enjam Apple Intelligence emeli aň funksiýalaryny goldamak üçin A19 tapgyrynyň täze prosessory bilen hem üpjün ediler.

Deslapky maglumatlara görä, içerki ýadyň göwrümi iki esse artyp, 128 GB ýeter.

Apple soňky gezek iPad mini-ni 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda täzeläp, A17 Pro çibi we Apple Intelligence emeli aň funksiýalary bolan modeli çykarypdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!