| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 22.07.2026, 18:59 34

Deňizde dynç almak biziň üçin howplumy?

Deňizde dynç almak biziň üçin howplumy?

Dynç alyş döwründe deňizde suwa düşmek göz saglygy üçin birnäçe töwekgelçiliklere getirip biler.

Şolaryň iň esasy sebäpleriniň biri bolsa göz linzalaryny ulanmak düzgünleriniň bozulmagydyr. Lukmanlaryň bellemegine görä, linzaly suwa düşmek gözüň buýnuz bardasynyň çişmegine we sowuklamagyna getirip biler.

Linzalar suw bilen — şol sanda deňiz ýa-da köl suwy bilen galtaşmaly däldir. Munuň netijesinde döreýän göz kesellerini bejermek kyn düşýär we ol körlüge ýa-da görşüň peselmegine getirip biler.

Ýapyk bolmadyk suw howdanlarynda linzaly ýüzmek has-da howplydyr.

Lukmanlar deňizde suwa düşülende bir gezeklik linzalary geýip, daşyndan gysyjy ýüzüş äýneklerini dakmak ýa-da ýörite äýneklerini ulanmak maslahat berýärler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!