Ýurdumyz adam maýasyny strategik meýilleşdirmek we durnukly ösüş boýunça çemeleşmelerini teklip etdi
Türkmenistan şu ýylyň 22–24-nji iýuly aralygynda Ankara şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Ösüş strategiýasy we maliýeleşdiriş platformasynyň çäklerindäki syýasaty işläp taýýarlamak boýunça sebit maslahatynda adam maýasynyň ösdürilmegine we onuň ykdysady özgertmelerdäki ornuna bolan garaýyşlaryny hödürledi.
Türkmenistanyň hödürlän çemeleşmesiniň merkezinde adam maýasy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär.
Bilime goýulýan maýa goýumlary adam maýasynyň hilini ölçemek mümkin bolanda we hünärmenleri taýýarlamak ykdysadyýetiň häzirki hem-de geljekki zerurlyklary bilen gönüden-göni baglanyşdyrylanda has ýokary ykdysady netijeliligi üpjün edýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde bilimiň we başarnyklaryň hilini, demografik meýilleri hem-de geljekde taýýarlanjak hünärmenleriň sanyny zähmet bazarynyň islegi, öndürijilik we ykdysady ösüşiň geljegi bilen utgaşdyrýan adam maýasyny strategik meýilnamalaşdyrmak çemeleşmesini ösdürýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!