| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 28.07.2026, 12:30 18

Suwda ýüzmäni halaýanlar! Size gowy täzelik

Suwda ýüzmäni halaýanlar! Size gowy täzelik

Düýpli abatlaýyşdan soň Türkmenbaşyň Olimpiýa suw-sport toplumy ulanyşa berildi

Aşgabat şäherinde düýpli abatlaýyş işleri tamamlanandan soň Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa suw-sport toplumy gaýtadan ulanyşa berildi.

Toplumyň desgalary Halkara suw sport görnüşleri federasiýasynyň standartlaryna doly laýyk gelýär. Ýapyk howuz binasy bir wagtyň özünde 1741 adamy kabul etmäge niýetlenendir.

Toplumyň binasynda uzynlygy 50 metr, ini 25 metr we çuňlugy 3 metr bolan uly ýüzüş howuzy, uzynlygy 15 metr, ini 25 metr we çuňlugy 5 metr bolan suwa bökmek üçin niýetlenen howuz, ölçegi 12,70 × 25 metr bolan suw seýilgähi, ölçegi 12,40 × 14,40 metr we çuňlugy 80 santimetr bolan çagalar üçin howuz, sport zaly, ýörite enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly, sauna we bug otagy, geýim çalşyrylýan otaglar, lukmançylyk otagy, türgenler üçin dynç alyş otaglary, 200 orunlyk naharhana, kafe, şeýle hem woleýbol we basketbol meýdançalary ýerleşýär.

Goşmaça maglumat almak üçin ekranda görýän telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

+993 12 21-16-99
+993 12 21-04-31

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!