Ýurdumzyň raýatlary Şengen wizany alyp bilerler
Türkmenistanyň raýatlary üçin Şengen wizany resmileşdirmek maksady bilen Aşgabatda ýerleşýän iki diplomatik wekilhananyň – Germaniýanyň we Italiýanyň ilçihanalarynyň konsullyk gulluklary hyzmat edýär.
Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy arkaly Germaniýa, Awstriýa, Belgiýa, Gresiýa, Estoniýa, Ispaniýa, Latwiýa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Norwegiýa, Portugaliýa, Finlýandiýa, Şwesiýa ýurtlary üçin Şengen wizasyny resmileşdirip bolýar.
Şeýle-de, diňe Türkmenistanyň gulluk we diplomatik pasportlarynyň eýeleri üçin bu ilçihanada Şweýsariýa üçin hem wizalary resmileşdirýär.
Resminamalary tabşyrmak üçin ýazgy diňe ilçihananyň elektron nobat ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy arkaly Italiýa wizany, şeýle-de Fransiýa üçin 90 güne çenli gysga möhletli Şengen wizasyny resmileşdirip bolýar.
Aşgabatda Fransiýanyň ilçihanasy bar bolsa-da, Türkmenistanyň raýatlarynyň Fransiýa üçin gysga möhletli wizalaryna degişli resminamalary hut Italiýanyň ilçihanasynyň konsullyk bölümi kabul edýär.
Fransiýa üçin uzak möhletli wizalar, şeýle hem ýurduň deňiz aňyrsyndaky sebitlerine berilýän wizalar Stambuldaky VFS Global hyzmat ediş merkezi arkaly resmileşdirilýär.
Resminamalary tabşyrmak üçin ýazgy Prenot@mi elektron ulgamy arkaly mugt amala aşyrylýar.
Rumyniýa 2024-nji ýyldan bäri Şengen zolagynyň düzümine girýär we bitewi Şengen wizalaryny berýändigini nazara alyp, bu ýurda wizany hem gönüden-göni Aşgabatda resmileşdirip bolýar.
Aşgabatda Bolgariýa, Wengriýa, Daniýa, Islandiýa, Litwa, Lihtenşteýn, Polşa, Slowakiýa, Sloweniýa, Horwatiýa, Çehiýa, Şweýsariýa – adaty pasportlaryň eýeleri üçin Şengen wizalary berilmeýär.
Bu ýurtlara gitmek isleýän raýatlar Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän degişli konsullyk edaralaryna ýüz tutmaly bolarlar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!