| Ashgabat | 28°C
Sport 21.07.2026, 17:30 41

Dünýä çempionatynda nämeler boldy?

Dünýä çempionatynda nämeler boldy?

2026-njy ýylyň 11-nji iýuny-19-njy iýuly aralygynda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Ispaniýa goşmaça wagtda Argentinany 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda 2-nji gezek dünýä çempiony boldy.

Ilkinji gezek üç ýurduň bilelikde ýer eýeçiliginde geçirilen ýaryşda 48 milli ýygyndy bäsleşdi we jemi 104 duşuşyk geçirildi. Kanada, Meksika we Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan guralan futbol boýunça dünýä çempionaty 39 gün dowam etdi.

Çempionatda 10 gol geçiren fransuz futbolçysy Kilian Mbappe iň köp gol geçiren oýunçy boldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Rodri dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy saýlandy.

Ispaniýa diňe bir gol goýberip rekord goýdy.Ispaniýa topary çempionatda ýeke-täk utuk ýitgisini toparçadaky ilkinji duşuşygynda Kabo-Werde bilen 0:0 deňme-deň oýnap başdan geçirdi. Şeýle-de bolsa, 8 duşuşykda diňe 1 gol goýberip, täze rekord goýdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!