Ekranlardan daşlaşmak: çözgütmi ýa-da täze howp?
BBC web saýtyň habar bermegine görä, käbir tehnologiýa liderleri geljekde adamlaryň telefon ekranyna az seretjekdigini göz öňüne getirýärler. Bu pikir boýunça smart äýnekler, kamera bilen üpjün edilen AirPods we boýna dakylýan AI enjamlary adamlaryň ekrana seretmän olary ulanmak mümkinçiligini berip biler. Maglumatlara görä, Apple kamera ýerleşdirilen AirPods taýýarlap biler. Bu kameralar surat düşürmek üçin däl-de, daş-töwerek barada maglumat ýygnap, Siri ýaly wirtual kömekçilere has akylly işlemäge kömek eder. Şeýle tehnologiýalar adamlaryň telefon bilen geçýän wagtyny azaldyp, kompýuterler bilen aragatnaşygy has tebigy we amatly edip biler. Emma bu geljek diňe gowy tarapdan görünmeýär. Bir tarapdan, tehnologiýa durmuşymyzy ýeňilleşdirip biler, beýleki tarapdan bolsa ol şahsy giňişligimize has köp aralaşyp, täze bir “dystopiýa” öwrülmegi mümkin. Snap kompaniýasy hem täze AI smart äýnegi — Specs modelini hödürledi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Evan Spiegel bu enjamlaryň kompýuterler bilen aragatnaşykda täze döwri başlap biljekdigini aýtdy. Ýöne esasy sorag henizem açyk galýar: adamlar hakykatdanam şeýle geljege taýynmy?
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!