Ruhlandyryjy 10 film saýlandy
Amerikanyň meşhur «Collider» neşiri adam kalbyna yşyk çaýyp, söýgi hem-de ruhubelentlik duýgularyny artdyrýan iň gowy filmleriň sanawyny düzdi. Kino hünärmenleri bu gezek diňe bir filmleriň çeperçilik derejesine däl, eýsem olaryň tomaşaçylara umyt bermek, gynançly pursatlarda hem ýylgyrtmak ukybyna aýratyn üns berdiler. Sanawdaky käbir eserler agyr durmuş synaglaryndan söz açsa-da, olaryň esasy özeni ýeňiş we ýagty geljege bolan ynam bolup durýar.
Şu ýörelgelere laýyklykda taýýarlanan TOP-10 film sanawy aşakdakylardan ybarat:
-
«Ýagşyň astynda aýdym aýdýanlar» (Singin' in the Rain, 1952) — Golliwudda bolup geçýän çylşyrymly özgerişleriň fonunda islendik kynçylykda hem ruhdan düşmezligi öwredýän öçmejek eser. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, bu film hatda sazly filmleri halamaýanlaryň hem keýpini bir pursatda göterip biler.
-
«127 sagat» (127 Hours, 2010) — Ykbalyň gazaply synagyna duçar bolan adamyň aman galmak ugrundaky göreşi, ýaşaýşa bolan çäksiz ymtylyşy we berk ynamy barada diýseň täsirli waka.
-
«Şouşenkden gaçyş» (The Shawshank Redemption, 1994) — Tussaghananyň daş diwarlarynyň we adalatsyzlygyň hem adam ruhuny syndyryp bilmejekdigini, umydyň bolsa iň garaňky gijäni hem ýagtyldyp biljekdigini görkezýän film.
-
«Arslan patyşa» (The Lion King, 1994) — Ulalmagyň kynçylyklary, ýitgiler we uly durmuş jogapkärçiligini öz üstüňe almak baradaky nusgawy animasion film.
-
«Harri Sallä duşanda...» (When Harry Met Sally..., 1989) — Ýyllaryň synagyna döz gelip, hakyky söýgä öwrülýän dostluk we adam gatnaşyklary hakyndaky ýakymly romantiki komediýa.
-
«Marsel — köwüşli balykgulak» (Marcel the Shell with Shoes On, 2021) — Göwrümi kiçi bolsa-da, ýüregi we dünýägaraýşy ägirt uly bolan baş gahrymanyň durmuşyny açyp görkezýän özboluşly dokumental-animasion film.
-
«Paterson» (Paterson, 2016) — Gündelik durmuşyň birsyhly gaýtalanýan asuda akymyndan hem gözellik we şygryýet tapyp bilýän adaty adamyň içki dünýäsi baradaky oýlanma.
-
«Içki dünýä» (Inside Out, 2015) — Adamyň ruhy deňagramlylygyny saklamak üçin diňe bir şatlygy däl, eýsem gussa, gahar we gorky ýaly ähli duýgulary kabul etmegiň möhümdigini düşündirýän «Pixar» studiýasynyň animasion eseri.
-
«Ajap günler» (Perfect Days, 2023) — Başgalaryň üns bermeýän gündelik işlerinde we ýönekeý pursatlarda hakyky bagtyň gözbaşyny tapýan ynsanyň durmuşy barada çuňňur filosofiki film.
-
«Bu ajaýyp durmuş» (It's a Wonderful Life, 1946) — Her bir ynsan ömrüniň we edilen ýagşylyklaryň bu dünýäde nähili uly ähmiýete eýedigini ýatladýan, Täze ýyl ruhuna beslenen ajaýyp eser.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!