| Ashgabat | 20°C
Dünýaden 03.11.2026, 16:23 4

125 million ýyl ozal ýaşan dinozawrlaryň täze görnüşi tapyldy

125 million ýyl ozal ýaşan dinozawrlaryň täze görnüşi tapyldy

Angliýada 125 million ýyl mundan ozal ýaşan, ot bilen iýmitlenen dinozawrlaryň täze görnüşi ylmy taýdan ýüze çykaryldy. 2001-nji ýylda Surreý graflygyndaky çig mal käninden tapylan we häzirki wagtda Londonyň Tebigaty taryhy muzeýinde goralyp saklanýan gadymy jandaryň galyndylary ahyrsoňy doly öwrenildi.

Takmynan 5 metr uzynlykda we 2 tonna agramda bolan bu nusganyň entek ýaş dinozawr bolandygy, ulalanda bolsa ölçegleriniň tas iki esse artyp biljekdigi çaklanylýar. Gadymy döwürde batgalyk zolaklarda ýaşan bu jandara onuň tebigy ýaşaýyş şertleri, şeýle hem galyndylaryň tapylmagyna goşant goşan kän işçisi Uill Praudlawyň hormatyna üýtgeşik at dakyldy.

Bu açyş iguanodont maşgalasyna degişli dinozawrlaryň geçmişdäki görnüş köpdürlüliginiň ozal çaklanylandan hem has baý bolandygyny görkezýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!