Inçe içegäni barlamak üçin robot döredildi
Massaçusets institutynyň hünärmenleri inçe içegäni barlamak üçin ýylan şekilli inçe robot enjamyny döretdiler. Täze tehnologiýa lukmanlara agyr we çylşyrymly amallary ýeňilleşdirmäge, şeýle hem bedeniň has çuň ýerlerine ýetmäge mümkinçilik berer.
Robot ýylan ýaly towlanyp hereket edýär. Onuň gurluşyndaky çeýe kameralar gezekli-gezegine çişip we gowşap, enjamyň islenýän tarapa egilmegine hem-de öňe süýşmegine ýardam berýär.
Alymlar häzirki wagtda bu akylly robot ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barýarlar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!