| Ashgabat | 21°C
Tehnologiýalar 31.10.2026, 12:47 8

29 sagada ýetmän gurlan bina

29 sagada ýetmän gurlan bina

Hytaýly hünärmenler gurluşyk pudagynda uly öwrülişik etdiler. «New Atlas» neşiriniň habar bermegine görä, 10 gatly täze bina bary-ýogy 28 sagat 45 minutyň içinde doly guruldy. Bu taslama «Broad Group» kompaniýasynyň «Living Building» atly innowasion modully tehnologiýasy arkaly amala aşyryldy. Tehnologiýanyň esasy aýratynlygy binanyň esasy düzüm bölekleriniň öňünden zawod şertlerinde öndürilmegidir.

Taýýar modullar gurluşyk meýdançasyna getirilenden soň, edil çagalar üçin niýetlenen konstruktor ýaly özara birleşdirilýär. Modullaryň ölçegleriniň adaty ýük konteýnerlerine gabat gelmegi olaryň daşalmagyny hem ýeňilleşdirýär. Zawod tapgyrynda modullaryň içine penjireler, ýylylyk saklaýjy örtükler, elektrik geçirijileri we howa çalşyryş ulgamlary ýaly zerur serişdeler öňünden oturdylýar.

Gurluşykçylara bolsa diňe modullary ýük kranlarynyň kömegi bilen bellenen tertipde ýerleşdirip, boltlar arkaly berkitmek we kommunikasiýa ulgamlaryna birikdirmek galýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!