Kriştianu Ronaldunyň ogly Portugaliýanyň U17 ýygyndysyna çagyryldy
Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň 16 ýaşly ogly — futbol äleminde Kristianino ady bilen tanalýan Kriştianu Ronaldu-kiçi ilkinji gezek Portugaliýanyň 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysyna (U17) çakylyk aldy.
U17 ýygyndysynyň baş tälimçisi Filipe Ramuş 2027-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşyklaryna taýýarlyk görmek üçin 23 futbolçydan ybarat düzümi yglan etdi. Bu sanawa Kristianino hem goşuldy.
Toparyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 6–17-nji noýabr aralygynda geçiriler. Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndysy öz meýdançasynda Andorra (11-nji noýabr), Bolgariýa (14-nji noýabr) we Serbiýa (17-nji noýabr) bilen güýç synanyşar.
Bu Kristianino üçin U17 milli ýygyndysyna ilkinji çakylyk bolsa-da, onuň halkara derejesindäki çykyş tejribesi eýýäm bar. Ol mundan öň Portugaliýanyň U15 we U16 ýygyndylarynyň düzüminde jemi 13 duşuşyk geçirdi.
Klub derejesinde bolsa, ýarymgoragçy we hüjümçi hökmünde çykyş edýän 16 ýaşly futbolçy kakasynyň oýnaýan «Al-Nasr» klubunyň ýaşlar akademiýasynda tälim alýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!