| Ashgabat | 19°C
Sport 04.11.2026, 11:35 1

Ispan futbolçysy derwezeban bilen çaknyşandan soň aradan çykdy

Ispan futbolçysy derwezeban bilen çaknyşandan soň aradan çykdy

Futbolçy Hesus de Migeliň aradan çykmagy sebäpli Ispaniýada futbol duşuşyklary bir minutlyk dymyşlyk bilen başlanar. «Tenerife» toparynyň 30 ýaşly hüjümçisi duşuşyk wagtynda alan agyr şikesinden soň aradan çykdy.

Waka «Tenerife» bilen «Andorra» toparlarynyň arasynda «Heliodoro Rodriges Lopes» stadionynda geçirilen duşuşykda bolup geçdi. Duşuşygyň dowamynda myhmanlaryň derwezebany Hesus Owono bilen top ugrunda göreşe giren hüjümçi Hesus de Migel çaknyşyk netijesinde agyr zarba aldy. Derwezebanyň dyzy futbolçynyň döşüne degip, çaknyşykdan soň hüjümçiniň ýüregi saklandy.

Tiz kömek lukmanlary tarapyndan ýürek urşy dikeldilip, futbolçy hassahana ýetirilen hem bolsa, ony halas edip bolmady. «Tenerife» topary Hesus de Migeliň 3-nji noýabrda aradan çykandygyny resmi taýdan habar berdi. Ispaniýanyň Korollyk futbol federasiýasy şol güne meýilleşdirilen käbir kubok duşuşyklaryny yza süýşürdi.

Hünärmenleriň ilkinji çaklamalaryna görä, futbolçynyň ölümine lukmançylykda «commotio cordis» diýlip atlandyrylýan seýrek ýagdaý sebäp bolan bolmagy mümkin. Bu ýagdaý döş kapasasyna güýçli zarba ýetmegi netijesinde sagdyn adamlarda hem ýürek ritminiň birden bozulmagyna we ýüregiň duýdansyz saklanmagyna getirip bilýär. Emma futbolçynyň ölüminiň takyk lukmançylyk sebäbi entek resmi taýdan mälim edilmedi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!