Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň ýeňijileri mälim edildi
Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň nobatdaky Kubogy ugrundaky çekeleşikli ýaryş jemlendi. Ýurdumiziň ähli künjeklerinden we paýtagtdan gelen 364 küştçi 10 günüň dowamynda (23-nji oktýabr — 1-nji noýabr) nusgawy (standart), rapid hem-de blitz ugurlary boýunça bäsleşdiler.
Ýaryşda iň şowly çykyş eden türgen Amanmuhammet Hommadow boldy. Ol birbada iki ugurda çempionlyk gazanyp, öňe saýlandy. Amanmuhammet 11 mümkin bolan utukdan 9,5 utuk toplap, birinji orny eýeledi. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde zenanlaryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew bilen Ilhan Çaryýew eýelediler. Olaryň ikisi hem 8,5 utuk toplady.
Amanmuhammet Hommadow Aşgabadyň ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi Serdar Annaberdiýewiň şägirdi bolup, häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talybydyr.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!