Didarbek Jumabaýew 3 gezek dünýä rekordyny täzeledi
Hytaýyň Ningbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik edýän ýaş türgenimiz Didarbek Jumabaýew üç gezek dünýä rekordyny täzeledi. Bu ýaryşda ozal Şabnam Kerimbaýewa ýetginjekleriň arasynda iki sany rekord goýan bolsa, indi oňa ýaşlaryň bäsleşiginde Didarbek hem goşuldy.
31-nji oktýabrda Didarbek Jumabaýew erkekleriň 79 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşdi. Ol silterläp götermekde 152 kilogram, itekläp götermekde 188 kilogram, jemde bolsa 340 kilogram agramy tabyn edip, ýaşlaryň arasynda üç sany dünýä rekordyny goýdy.
500-den gowrak türgeniň güýç synanyşýan bu dünýä çempionaty 8-nji noýabra çenli dowam edip, 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýän ilkinji saýlama ýaryş bolup durýar. Onda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 10 türgeni ýurdumyza wekilçilik edýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!