| Ashgabat | 21°C
Tehnologiýalar 31.10.2026, 12:42 3

Huawei täze smartfonyny satuwa çykardy

Huawei täze smartfonyny satuwa çykardy

Huawei kompaniýasy Pura 90 Plus flagman smartfonyny Hytaý bazaryna çykardy. Täze enjam Kirin 9025 prosessory bilen üpjün edildi. Kompaniýanyň ýaýradan maglumatlaryna görä, smartfon 2848×1276 piksel durulyga we 120 Gs täzeleniş ýygylygyna eýe bolan 6,8 dýuýmlyk OLED displeý bilen üpjün edilip, ol Kunlun Glass gorag aýnasy bilen örtülendir. Metal çarçuwaly korpusyň galyňlygy 8,3 mm, agramy bolsa takmynan 220 gramdyr.

Enjamda Kirin 9025 çipi oturdylyp, ähli wersiýalar 12 GB operatiw ýat hem-de 256 GB, 512 GB ýa-da 1 TB içerki ýat bilen hödürlenýär. Öndürijiligiň öňki Pura 80 Pro modeli bilen deňeşdirilende 19% ýokarlandyrylandygy habar berilýär.

Esasy kamera toplumy 50 Mp-lik bir dýuýmlyk sensor, 40 Mp ultra giň burçly modul hem-de 4 esse optiki zum we 5 sm makro düşüriş mümkinçiligi bolan 48 Mp telefotokameradan ybarat. Şeýle hem Red Maple multispektral datçigi we 13 Mp öň kamera göz öňünde tutulypdyr.

5700 mA/sag sygymly batareýa 100 Wt simli, 80 Wt simsiz we 18 Wt ters zarýad beriş tehnologiýalaryny goldaýar. Enjam Wi-Fi 7, Bluetooth 6.0, NFC, infragyzyl port, gapdal barmak yzy skaneri, IP68/IP69 derejeli suwdan we tozandan gorag hem-de HarmonyOS 7 ulgamy bilen üpjün edilipdir.

Bahalar şu görnüşde görkezildi: 12/256 GB — 5499 ýuan (~825 dollar), 12/512 GB — 5999 ýuan (~900 dollar), 12 GB/1 TB — 6999 ýuan (~1050 dollar). Hytaýda resmi satuwlar 31-nji oktýabrda başlaýar. Şeýle hem 28-nji oktýabrdan 30-njy noýabra çenli dowam edýän ýörite aksiýanyň çäklerinde bahalar 300 ýuana çenli arzanladylyp, başlangyç bahasy 5199 ýuana (~780 dollar) deň boldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!