| Ashgabat | 20°C
Tehnologiýalar 31.10.2026, 12:25 1

Samsung-yň täze modeli tanyşdyryldy

Samsung-yň täze modeli tanyşdyryldy

Samsung kompaniýasy Hytaý bazaryna niýetlenen, döwrebap dizaýnly we çäklendirilen tapgyrda çykaryljak «Samsung W27» eplenýän smartfonyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Galaxy Z Fold 8 Ultra modeliniň binýadynda işlenip düzülen täze enjam ilkinji nobatda özüniň üýtgeşik dizaýny we gymmat bahaly bezegleri bilen tapawutlanýar.

Smartfon gyzyl hem-de gök reňklerde çykarylyp, onuň korpusynyň çarçuwasy we kameralarynyň töweregi altyn öwüşginli elementler bilen bezelipdir. Arka panelinde bolsa Samsung hem-de China Telecom kompaniýalarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny aňladýan «Xin Xi Tian Xia» («Dünýä üçin ýürek») diýen ýazgy we logotip ýerleşdirilipdir.

Enjam berk korpusy we rekord derejedäki inçeligi bilen ünsi çekýär. Smartfonyň öň we arka taraplary iň täze «Corning Gorilla Glass Ceramic 3» gorag aýnasy bilen örtülen. Açyk ýagdaýda onuň galyňlygy bary-ýogy 4,1 mm, ýapyk ýagdaýda 8,9 mm, agramy bolsa 215 gramdyr. Enjam 6,5 dýuýmlyk daşky ekran we 8 dýuýmlyk eplenýän içki displeý bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem smartfonda kuwwatly Snapdragon 8 Elite Gen 5 çipi hem-de Android 17 esasly One UI 9 operasion ulgamy ulanylýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!