Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory we wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady mümkinçilikleriň ulanylmagynda iri ýapon kompaniýalarynyň uly goşandynyň bardygyny nygtap, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň gaz pudagynda we himiýa senagatynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini, «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy. Şeýle hem bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup, ulanmaga berlendigini belledi.
Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!