| Ashgabat | 19°C
Syýasat 04.11.2026, 12:08 6

Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisini kabul etdi

Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisini kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär.

«Türkmenistan tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolmak bilen, energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýär, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek ugrunda çykyş edýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de energetika babatda sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny aýtdy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!