Türkmenistanda Günorta Afrika Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lungisani Dominik Ntombeladan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lungisani Dominik Ntombela okgunly ösýän hem-de parahatçylyk söýüjilikli ýurt hökmünde dünýäde giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtap, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!