Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygy hanym Kristina Şwarz-Fuksy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar oňyn häsiýete eýe bolup, ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Iki ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň köp babatda gabat gelmegi bolsa halkara derejede hereketleri utgaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Awstriýanyň kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine aýratyn goşant goşandygyny belledi. Şeýle hem iki ýurduň arasynda ulag tehnikalaryny, saglygy goraýyş, himiýa we nebitgaz ulgamlary üçin öňdebaryjy enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlygyň üstünlikli giňeldilýändigini nygtady.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!