Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady
Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda berekediň baýramy bolan Hasyl toýy giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň edermen daýhanlaryny, hasyl ussatlaryny we watandaşlaryny bu baýram mynasybetli gutlady.
Gutlagda döwlet Baştutany ýurtda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl gallaçy daýhanlaryň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrandygyny aýratyn belläp geçdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany oba zähmetkeşleriniň, pagtaçylaryň, gallaçylaryň, agronomlaryň we bagbanlaryň netijeli işlemegi hem-de toprakdan bol hasyl almagy üçin ýurtda mundan beýläk-de giň şertleriň dörediljekdigini, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynjakdygyny, olaryň mineral dökünler we ýokary hilli tohumlar bilen ýeterlik derejede üpjün ediljekdigini nygtady. Önüm öndürijiler tarapyndan tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçiriljekdigi hem aýratyn bellenildi.
«Döwletimiziň döredýän mümkinçiliklerini, goldaw-kömeklerini, ýeňilliklerini ýakyndan duýup, zähmet çekmek üçin ähli tagallalar ediler. Türkmen daýhanynyň zähmetine mynasyp baha berilmegine aýratyn üns berler. Bereketli toprakdan bol hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamagy, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli şertler dörediler» diýip, döwlet Baştutany belledi.
Gutlagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti hasyl ussatlaryna ata-babalaryň miras goýan daýhançylyk däplerini mynasyp dowam etdirip, ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!