| Ashgabat | 21°C
Syýasat 06.11.2026, 19:13 12

SEforALL halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

SEforALL halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň SEforALL guramasy bilen durnukly energetika, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ony anyk amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!