| Ashgabat | 21°C
Syýasat 07.11.2026, 15:32 13

Türkmenistanyň Ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň geçiren duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň geçiren duşuşygyna gatnaşdy

Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde täze bellenen daşary işler ministri Sebastian-Danut Nekulesku bilen Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýewiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Rumyniýanyň daşary işler ministri ähli diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady we köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan konstruktiw hem-de dostlukly gatnaşyklar üçin olara minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle hem ministr bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!