Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasyna iş sapary amala aşyrdy
6-njy noýabrda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz çäräniň geçirilýän ýerine — Garaşsyzlyk köşgüne bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II mähirli garşyladylar hem-de bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Ähli wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra sammit öz işine başlady. Bu ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Iordaniýanyň Patyşasy, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, GDA-nyň ugurdaş edaralarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, emeli aň howpsuzlygy ulgamyndaky halkara bilermenler we beýlekiler gatnaşdylar.
Sammitiň gün tertibine emeli aň ulgamynda howpsuzlygy üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak hem-de bu ugurda Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynyň wekilleriniň tagallalaryny birleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti sammitde çykyş etmek bilen, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlary beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti: «Türkmenistan halkara ähmiýetli teklipleri öňe sürmek bilen, dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmek, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak, şeýle hem parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek arkaly üpjün edip boljakdygyndan ugur aldy» diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde berk howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny hem-de Akaba prosesiniň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge netijeli goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem sammitiň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň Astanada geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmagy ýurdumyzyň parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy howpsuzlygyň bähbidine köptaraplaýyn dialoga ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy kiberhowpsuzlygyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri bolsa sammite gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Çeşmesi: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!