Täze «Lexus RX» krossoweri has üýtgeşik dizaýnda çykar
Öň tarapynyň görnüşi täzeden dizaýn edilip, awtoulaga has açyk we döwrebap keşp berler. Kabinada has uly merkezi ekran ornaşdyrylyp, dolandyryş elementleri we rul täze «ES» hem-de «TZ» ugurlaryna laýyklykda üýtgediler.
Ýaponiýada giň gerimde täzelenen modeliň 2027-nji ýylyň tomus aýlarynda bazara çykmagyna garaşylýar. Awtoulag äleminde uly abraýa eýe bolan «Lexus» kompaniýasy taýýarlyk işlerini dowam etdirip, bäşinji nesil «RX» krossoweriniň has giňişleýin döwrebaplaşdyryljak wersiýasyny hödürlemäge taýýarlanýar. Täze önümiň ilkinji bolup 2027-nji ýylyň iýun–iýul aýlarynda Ýaponiýanyň içerki bazarynda hödürlenmegine garaşylýar.
Maglumatlara görä, esasy güýç ulgamlary esasan üýtgewsiz galdyrylar. Ýaponiýada «Lexus RX» şu aşakdaky görnüşlerde hödürlenmegini dowam eder: 2,4 litrlik kuwwatly turbohereketlendiriji; 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda gurlan gibrid ulgam; daşarky çeşmeden zarýad alyp bilýän plug-in gibrid görnüşi; «RX500h F Sport Performance» görnüşindäki 2,4 litrlik turbo gibrid ulgamy.
Muňa garamazdan, bu güýç agregatlarynyň we transmissiýalaryň umumy sazlamalarynyň has-da kämilleşdirilmegine garaşylýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!