Siz gara sarymsak barada eşidipmidiňiz?!
Gara sarymsak adaty sarymsagy ýörite usulda fermentirlemek arkaly alynýan özboluşly önümdir. Gündogar medeniýetinden gözbaş alýan bu önüm häzirki wagtda dünýäde giňden tanalýan iýmitleriň birine öwrüldi.
Gara sarymsak ilkinji gezek Aziýa ýurtlarynda, esasan hem Koreýa we Ýaponiýa ýaly döwletlerde dermanlyk maksatlarda ulanylyp başlanydyr.
Fermentasiýa netijesinde onuň düzümindäki antioksidantlaryň, hususan-da flawonoidleriň we alkaloidleriň mukdary adaty sarymsak bilen deňeşdirilende has ýokary bolup biler. Bu maddalar öýjükleri erkin radikallaryň täsirinden goramaga kömek edýär.
Gara sarymsagyň immun ulgamyny we ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegini goldamaga, şeýle hem beýniniň işjeňligine oňyn täsir etmäge ýardam edip biljekdigi bellenilýär. Ol magniý, kalsiý we kaliý ýaly minerallary hem özünde saklaýar.
Fermentasiýa döwründe adaty sarymsagyň ýiti ysyny döredýän allisin maddasynyň üýtgemegi sebäpli, gara sarymsagyň ysy has ýumşak bolýar we tagamy süýjümtil öwüşgine eýe bolýar.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!