Siz Antarktida barada bulary bilýärdiňizmi?!
Dünýä kartasyna seredenimizde, ak reňke bürenip oturan Antarktida materigi hemmämiziň ünsümizi çekýän bolsa gerek. Bu künjek klimaty we tebigy aýratynlyklary bilen beýleki materiklerden düýpgöter tapawutlanýar.
Antarktida aýak bassaňyz, adaty wagt düşünjesini ýatdan çykarmaly bolarsyňyz. Sebäbi ähli meridianlar şu ýerde birleşýär we materik bir wagtyň özünde ähli wagt zolaklaryna degişlidir.
Şeýle hem bu ýerde Günüň 24 sagatlap gorizontdan aşak inmän dowam edýän polýar gündizlerini we bütinleý garaňkylykda geçýän polýar gijelerini synlap bilersiňiz.
Materigiň iň beýik çäkleriniň birini uzynlygy 1 300 kilometre ýetýän Gamburtsew daglary eýeleýär. Käbir ýerlerde ini 500 kilometre ýetýän bu daglar 600 metrden 4 kilometre çenli galyňlykdaky buz gatlagynyň aşagynda bukulyp ýatyr.
Ýer ýüzüniň iň arassa deňzi durulygy bilen haýran galdyrýar. Bu ýerdäki suwuň durulygy sebäpli 76 metr çuňlukda ýüzüp ýören balyklary hem-de deňiz jandarlaryny arkaýyn görse bolýar.
Köpler üçin geň bolsa-da, Antarktida dünýäniň iň uly we iň gurak çölüdir. Bu ýere ýylda ortaça bary-ýogy 18 mm ygal düşýär. Deňeşdirme üçin aýtsak, Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň çöl zolaklaryna ýylda 40–300 mm, Günorta we Demirgazyk Afrikada 25–500 mm, Awstraliýada bolsa 100–250 mm töweregi ygal düşýär.
Kontinentde ululy-kiçili 140 töweregi köl tapyldy. Olaryň arasynda iň meşhury — 4 km çuňlukda buzuň astynda ýerleşýän, suwunyň temperaturasy -10 °C bolan Wostok kölüdir.
Antarktidanyň käbir çäklerinde ekwatorial çöllerdäki oýluklara örän meňzeş tebigy çukurlary synlamak bolýar. Bu ýerde diametri 482 kilometre ýetýän äpet asteroid krateri ýerleşýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu asteroid mundan 250 million ýyldan gowrak ozal Ýere gaçypdyr.
Materikde hemişelik ýaşaýan ilat bolmasa-da, oňa halkara «672» telefon kody hem-de «.aq» domen ady birikdirilen.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!